Dil öwrenmekde täze tehnologiýalaryň ähmiýeti
Ylym-bilim ulgamyndaky amala aşyrylýan özgertmeler, ösüşler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il bähbitli syýasatynyň iň derwaýyslarynyň biridir.
Bilim ulgamyndaky öňe sürülýän meseleleriniň biri-de, ýaşlarymyzyň dil öwrenmek meselesidir. Adam bilimli bolmak üçin, dünýäniň ylymda, bilimde gazanan üstünliklerinden doly peýdalanyp bilmek, dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejedäki hünärmen bolmak üçin dünýä dillerinden baş çykarmaly.
Dil bilimini öwrenmegiň özboluşly aýratynlygy bar. Dil pikirleniş bilen hem, halkyň dünýägaraýşy bilen hem, milli medeniýet bilen hem berk baglanyşykly bolýar. Şonuň üçin ene diliňi we dünýä dillerini öwrenmegiň ähmiýeti uludyr. Munuň özi ylym-bilimliligi, ösen medeniýeti aňladýar. Her bir halkyň ene dili onuň milli medeniýetiniň, dünýägaraýşynyň esasy özeni bolup durýar. Şonuň üçin hem pähimdar pederlerimiziň miras goýan gadymy dilimiziň şirinligini, baýlygyny geljek nesillere mynasyp öwretmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
«Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam» diýlişi ýaly, her bir adam haýsy ýaşda bolsun parhy ýok, dil öwrenmäge ukyplydyr. Emma täze bir dil öwrenmek biraz wagt we sabyr talap edýär. Bu işde dürli usullardan peýdalanmak bolar. Mysal üçin, gündelik durmuşymyzda hal-ahwal soraşylýan sözleri ulanmagyň özi hem öwrenmek isleýän diliňiziň aňsat ýatda galmagyna itergi berýär. Mümkin däl ýaly bolup görünmegi ahmal, ýöne lingwistleriň pikiriçe, birnäçe hepdäniň dowamynda bir dilde gepleşip biljek derejä birnäçe aýdan soň bolsa bu dili özbaşdak kämilleşdirip biljek derejä ýetip bolýar.
Ýaşlaryň ylym-bilimini ösdürmekde dil biliminiň, esasan hem, dünýä dilleriniň uly orny bardyr. Dil aragatnaşyk serişdesi bolmak bilen bir hatarda, ylym-bilimiň hem açarydyr. Daşary ýurt dillerini bilýän ýaşlar dünýäniň ylmy maglumatlary, ylmy kitaplary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alýar. Dili öwrenmegiň esasy maksady, diňe bir suwara sözleýşi özleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, sözleriň ýazylyşyny, halkyň, ýurduň taryhyny, medeniýetini hem-de ýaşaýyş-durmuşyny bilmegi talap edýär. Dili öwretmek, ozaly bilen, ýaş nesliň dünýägaraýşyny giňeltmegi, başarnyklaryny we endiklerini ösdürmegi, şol bir wagtyň özünde sowatly şahsyýet bolup ýetişmegini göz öňünde tutýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygy we halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegi dünýä dilleriniň ýokary derejede öwrenmäge ruhlandyrýar. Dünýä dillerini öwrenmäge mümkinçilikler hormatly
Prezidentimiziň atalyk aladalary bilen ýurdumyzda giň gerimde döredilýär.
Dil öwrenmek ýörelgeleri ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde giňden berjaý edilýär. Ata Watanymyzyň ähli bilim ojaklarynda dil ugruna degişli dersler çuňdan öwrenilýär. Muňa mysal edip, «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» uly buýsanç bilen belläp bileris. Dünýä dillerini öwrenmek diňe bir bu ugurda bilim alýan hünärmenlere degişli bolup durman, eýsem, ähli ugurlarda bilim alýan ýaşlara we zähmet çekýän dürli ýaşdaky hünärmenlere hem degişlidir. Dünýä bilen aýakdaş gitmeli döwürde, has-da bilimiň we kompýuter tehnologiýalaryň kämilleşýän döwründe dünýä dillerini öwrenmek esasy orunda durýan wezipe hökmünde öňe çykýar. Şu nukdaýnazardan, olary çuňňur öwrenmekde ýurduň geljegi bolup, uly ynam bildirilýän ýaşlara aýratyn orun degişlidir.
Sanly ulgamyň barha durmuşymyza ornaşmagy täze mümkinçilikleri döredýär. Bu bilim bermekde, esasan dil öwretmekde hem şeýledir. Çünki dil öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň möhüm ornunyň bardygyny bellemegimiz gerek. Kompýuterlerde dürli görkezmeler, audio ýazgylar daşary ýurt dillerini öwrenmekde oňat ýardam berýär. Şonuň üçin hem häzirki bagtyýarlyk döwrümizde innowasion tehnologiýalaryň mümkinçiliginden giňden peýdalanylýar. Häzirki wagtda dürli innowasiýa usullaryndan peýdalanmak arkaly ýurdumyzda iňlis, rus, nemes, arap, pars, hytaý, ýapon, hindi we beýleki diller öwredilýär.
Daşary ýurt dilini kämil bilmek adamyň ruhuny baýlaşdyrýar, dünýägaraýşyny we gözýetimini giňeldýär, beýleki ýurtlaryň taryhy, medeniýeti we edebiýaty bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredýär. Şeýle hem öz işinde Internet global torunyň kuwwatynyň çeşmelerini peýdalanmaga, maglumat we kommunikasion tehnologiýalary ulanmaga, dünýä tejribesini öwrenmäge giň ýol açýar.
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň atalyk aladalary bilen ýurdumyzyň abraýy dünýä derejesinde barha belende galýar. Ýurdumyzyň ähli ugurlarynda, şol sanda ylym-bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Munuň özi ýaşlaryň has gowy hünärmenler bolup ýetişmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Okuw mekdepleriniň kompýuterler bilen üpjün edilmegi, internet ulgamyna birikdirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ylmy-tehniki ösüşi bilen aýakdaş gitmek döwrüň esasy talabydyr. Sebäbi ýaşlar islendik döwürde-de özlerinde zamananyň öňdebaryjy ruhuny jemlemek bilen täzeligiň, gözlegleriň höwesinde bolýarlar.
Bilim ulgamy üçin ýörite işlenip taýýarlanylan multimediýa usullary diňe bir ýaşlaryň bilime, özbaşdak ylym almaga bolan höweslerini ösdürmän, eýsem, olaryň döredijilik ukyplaryny artdyrmaga kömek edýär. Mundan başga-da olar bilim ulgamyndaky netijeliligiň ýokarlanmagyny, mugallymlaryň, talyplaryň wagtlarynyň ýokary derejede tygşytlanmagyny şertlendirýär. Şeýle mümkinçilikler orta mekdeplerden başlap ähli ýokary okuw mekdeplerinde hem giň gerim alýar. Ýaşlaryň dünýä innowasiýasynyň gazanylanlaryny öwrenmek, özlerinde nazary düşünjeleri kemala getirmek üçin oňyn şertler döredilýär.
Watanymyzyň röwşen geljegi üçin, halkymyzyň asuda, eşretli, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli, dünýä nusgalyk işleri rowaçlyklara beslensin!
Öwlýakulyýewa Jeren Atabalowna
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta
hünär okuw mekdebiniň mugallymy