BIZE YAZYARLAR

Dil öwrenmegiň usullary

Halkymyzda şeýle bir ajaýyp nakyl bar: «Dil bilen dana». Adam näçe köp dil bildigisaýyn, şonça-da medeniýetli bolýar, gözýetimi giňeýär. Dilleriň üsti bilen halklaryň ruhy hazynasyna aralaşyp, bilimleriňi baýlaşdyrýarsyň. Diller halklary hem dostlaşdyrýar, bir-birine ýakynlaşdyrýar.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynda okatmagyň ähli tapgyrynda daşary ýurt dillerini öwrenmegiň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar, okatmagyň usullary kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz birnäçe dil bilmegiň, diller boýunça taýýarlygyň ýaş hünärmenler üçin möhüm artykmaçlykdygyny nygtaýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýaş nesle öwredilýän daşary ýurt dilleriniň biri bolan iňlis diliniň artykmaçlyklary uludyr. Iňlis dili uzak wagtyň dowamynda: mekdepde, ýokary okuw mekdebinde, dil merkezlerinde ýa-da halypa bilen öwrenilýär. Köpler iňlis dilini çalt we gyzykly ýagdaýda nädip öwrenmelidigine düşünmek isleýär.
Häzirki zaman bilim ulgamynda okatmagyň ähli tapgyrynda daşary ýurt dillerini öwrenmegiň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ýaş nesliniň bilimini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ugrunda giňden işleri alyp barýar. Bilim ulgamynyň ýokary derejesinde okatmagyň usullary kämilleşdirilýändigi ýaly, daşary ýurt dillerini öwretmekde-de täze metodlar peýdalanylýar. Ýurdumyzyň ýaş hünärmenlerine bir ýa-da birnäçe dil bilmek, ýokary derejede bilim almak, daşary ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin uly artykmaçlyk bolýar. Şeýle hem, ýurduň häzirki döwründe iňlis diliniň ösdürilmegi aýratyn üns merkezine alynýar, sebäbi bu dil häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda umumy dil hökmünde ulanylýar.
Iňlis dilini öwrenmekde iň bir möhüm mesele, önünde anyk maksat goýmakdyr. Şol maksada ýetmek üçin dil öwrenmegi meýilleşdirip, hemişe yzygiderli hereket etmek zerurdyr. Şu maksat bilen, öwrenişi her gün dowam etdirmek, iňlis dilinde täze maglumatlary öwrenmek, günüň dowamynda 30-40 minut wagtyňy bu dili öwrenmäge gönükdirmek oňyn netijeleri getirýär. Şeýlelik bilen, dili çalt we has netijeli öwrenmek mümkinçiligini gazanýarsyňyz.
Onlaýn çeşmelerden peýdalanmak, häzirki döwürde iňlis dilini öwrenmegiň öňdebaryjy usulydyr. Internetde köp sanly onlaýn resurslar, wideolaryň, interaktiw oýunlaryň we beýleki peýdaly materiallaryň barlygyny göz öňünde tutup, dil öwrenmekde uly mümkinçilikler açylýar. Şeýle hem, bu çeşmeler bilen işleşmek, dilde üstünlik gazanmak üçin amatly şertleri döretmekde giň mümkinçilikleri berýär. Meselem, teleýaýlymlarda ýa-da diňlenýän radio ýaýlymlarda iňlis dilinde gepleşikler ýa-da halkara habarlary diňlemek dil kämilleşdirmek üçin peýdalydyr.
Iňlis dilini öwrenmekde möhüm bir amaly usul hem gaýtalamakdyr. Öwrenilen materiallary yzyna gözden geçirmek, bir gezek diňlenilen ýa-da okalan maglumaty birnäçe gezek gözden geçirmek, täze sözüň ýa-da grammatiki düzgünleriň düzümi hakda has gowy düşünmäge kömek eder. Şeýle hem, iňlis dilinde tomaşa edilýän filmleri ýa-da ýazgylary gaýtadan diňlemek, söhbetdeşligiň we sesleri duýmagyň aňsatlaşmagyna ýardam berer. Bu, dilde pikir etmek we oňa laýyklykda jogap bermek mümkinçiliklerini kämilleşdirer.
Ine, şeýle çylşyrymly bolmadyk, yzygiderli çäreler, öz üstümizde işlemek arkaly dil baýlygyňyzy çuňlaşdyryp, iňlis dilini gowy öwrenip bilersiňiz.

Mehriban SABUROWA,
Dänew etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.