BIZE YAZYARLAR

Dil halklary ysnyşdyrýar

Häzirki wagtda daşary ýurt dillerde edil şol halklaryň raýaty ýaly säginmän, arassa gürleýän ýaşlarymyz örän kän. Dünýäniň dürli halklarynyň dillerini bilmek, şol halklaryň medeniýetiniň bir bölegini bilmekdir. Öz ene diliňden daşary, özge ýurduň dilini bilmegiň dünýägaraýşyňy giňeldýär, bilimlilik derejäňi ýokarlandyrmaga oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle hem dünýä halklary bilen dost-doganlygy gazanmak, özara ynanyşmak, birek-biregi goldamak ýaly gatnaşyklaryň esasy çelgisi hem dildir. Dil halklary ysnyşdyrýan, ýürekden ýürege barýan köpri mysalydyr. Muňa ýönekeý söz bilen aýdanyňda, halklary jebisleşdirmek diýmekdir. Beýleki bir tarapdan, bilelikde üstünlige ýetmegiň açarydyr. Halkymyz ähli halklaryň medeniýetleri bilen birlikde, olaryň diline-de uly hormat goýýar. Her halkyň özboluşly dil aýratynlygy bar. Aslynda, dil milletiň ruhy keşbiniň aýnasydyr. Dürli dilleri bilmek örän gowy, ýöne öz ene diliňi bilmek, oňa kämilleşmek, sarpa goýmak öz taryhyňy, şanly geçmişiňi, şöhratly peder ýoluňy bilmekdir.
Ajaýyp Diýarymyzyň ýaşlary orta mekdeplerde bilim alyp, dil bilmekde has-da kämilleşýärler we okuwlaryny ýokary okuw mekdeplerinde dowam edýärler. Olar köp dil bilmek babatda bilimiň özleşdirilişinde ýokary derejede tejribe toplaýarlar. Dil bilen adamyň pikirleniş ukyby ýokary bolýar. Şu nukdaýnazardan, dil bilmek döwrüň wajyplygydyr. Biziň mekdebimizde hem bilim alýan ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmekde öz işine kämil, tejribeli mugallymlar zähmet çekýärler. Hut şonuň üçin mekdebimiziň okuwçylarynyň köpüsi suwara daşary ýurt dillerinde, ýagny, rus, iňlis, nemes dillerinde geplesip bilýärler, olar daşary döwletlerden gelen myhmanlar bilen hem erkin ýagdaýda gepleşip düşünişip bilýärler.
Ajaýyp döwrümize guwanyp ýaşamak, ýaşlara döwrebap bilim bermek bolsa biziň öňümizde durýan esasy wajyp meseleleriň biridir. Hut şonuň üçin biz geljekde-de yhlasymyzy gaýgyrman ýaşlara bilim we terbiýe bermekde zähmet çekeris. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara şeýle mümkinçilikleri döredýän, dil öwrenmek üçin naýbaşy, döwrebap bilim ojaklaryny gurduryp berýän Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Maral HAJIKURBANOWA,
Farap etrabyndaky ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.