BIZE YAZYARLAR

Dil bilen dünýäni gezer

Daşary ýurt dilini öwrenmekde we özleşdirmekde şol dili yzygiderli gaýtalamak örän zerurdyr. Dil öwrenmekde özüňe çendenaşa agram salmak bolsa höwesiň peselmegine, özleşdiriş derejesiniň gowşamagyna getirýär. Öwrenýän diliňiziň sözlerini gysga wagtda ýat tutmak isleýänler sözleri terjimesi bilen bile kagyz böleklerine ýazmak we şol ýazgylary günüň dowamynda ýygy-ýygydan gaýtalamak köp netije berer. Söz ýazylan kagyzlar awtobusda barýarkaňyz, ýa-da ýolda ýöräniňizde göz gezdirmek, öýüň göze görnüp duran ýerlerinde, stoluň öňündäki diwarda, sowadyjyda, aýnanyň öňünde we beýleki ýerlere ýelmemek amatlydyr. Öwrenmek isleýän diliňizde düşürilen filmlere terjimesiz ýagdaýda tomaşa etmek, şol dildäki aýdymlary diňlemek hem peýdalydyr. Sözleri eşitmek arkaly öwrenmek we ýatda saklamak bilen birlikde olaryň aýdylyş äheňlerini hem öwrenersiňiz.

Öwrenýän diliňizde gürrüň etmegi we pikirlenmegi endik etmek dil öwrenmekde hemişe netijeliligini saklap bilýän usuldyr. Şol dilde gepleýän adamlar bilen söhbetdeş bolmak hem oňat netije berer. Bu siziň kämilleşmegiňize kömek eder. Dogry, birbada sözleri ýalňyş aýtmak, sözlemleri nädogry  düzmek ýaly kemçilikleriňiz ýüze çykmagy mümkin, emma, ýaýdanmaga gerek ýok! Şeýle endikleri özüňize ýoldaş etmegi başarsaňyz siz öz täze öwrenen diliňize täze bir dünýä hökmünde gadam basyp bilersiňiz!

Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň beýniniň işleýşini güýçlendirmek, ýatkeşligi ösdürmek, aňy ýiteltmek we has uzak wagtlap ýiti saklamak, köp iş başaryjylyk ukybyňy artdyrmak, belli karara gelip bilmek ýaly peýdaly häsiýetleriniň-de bardygyny unutmaly däldiris.  

 

Nasiba Döwrankulyýewa,

Çärjew etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: