«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenabatdaky «Derýaýollary» önümçilik birleşiginde läbik sorujylaryň sany üçe ýetdi.
Bu önümçilik birleşiginiň gämi abatlaýyş we gämi gurluşygy boýunça önümçilik bölüminde läbik sorujylaryň birini düýpli abatlamak işleriniň tamamlanmagy bilen mümkin boldy. «LS-27» taslamaly «GS-6» läbik sorujysy suwa goýberilmäge doly taýýar. Onuň kuwwaty sagatda 120 kub metre barabar göwrümi çuňaltmaga we gyrmançalardan arassalamaga mümkinçilik berýär.
«Derýaýollary» önümçilik birleşigine degişli kuwwatly läbik sorujylarynyň birisi häzir «Pelwert ― Mekan» ýüzme köpri geçelgesiniň golaýynda, beýlekisi bolsa «Berzeň» kanalynda işledilýär.