JEMGYÝET

«Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dürli hyzmatlary hödürleýär

Merkezi edarasy Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli Halaç etrabynyň Pelwert we Hojambaz etrabynyň Mekan obalaryny derýanyň üsti bilen birleşdirýän ponton geçelgesinden ýylda ýüz müňlerçe ulag geçirilýär.
Bu paýdarlar jemgyýetiniň edaralara, kärhanalara, ilata edýän hyzmatlarynyň bir görnüşidir. «Türkmen gündogary» gazetiniň ýazmagyna görä, jemgyýet Amyderýada derýa ulaglary bilen ýükleri daşamak, derýa duralgalarynda ýükleri ýüklemek-düşürmek, derýa ulaglaryny gurmak, abatlamak, bejermek, gurluşyk-gurnaýyş işlerini ýerine ýetirmek, bişen kerpiji öndürmek, derýada çuňaldyş we gyrmançadan arassalaýyş işlerini geçirmek, bu işleriň netijesinde üýşürilen derýa çägesini isleg bildirýän edaralara we kärhanalara ýerlemek ýaly işler bilen meşgullanýar.
Kärhana düzümindäki 40-a golaý derýa ulaglary bilen Amyderýanyň 813 kilometr hem-de Garagum derýasynyň 200 kilometr töweregi aralygynda ulag hyzmatyny ýerine ýetirýär. Şol sanda «Türkmenabat — Kerki», «Zähmet — Zeýit» aralygynda dürli halk hojalyk ýüklerini daşamak, gum sorujylary çekmek işlerini alyp barýar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň nebit-gaz, ulag we aragatnaşyk, oba hojalyk pudaklaryna degişli wajyp ýükleri daşamak işleri bilen meşgullanýar.

 

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply