YKDYSADYÝET

«Derýaplastik»: plastik önümlerinden başlap, elektrik harytlaryna çenli

«Derýaplastik» hojalyk  jemgyýetiniň kärhanalary tarapyndan plastik önümleriň 2000-e golaý görnüşi öndürilýär.Bu barada «Rysgal» gazeti şeýle habar berýär:

Ilkinji önümçiligini agyz suw we lagym suw turbalaryny, olaryň birikdirijilerini öndürmekden başlan kärhana gurluşyk ulgamynda zerur bolan, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň köpsanly görnüşini, sanfaýans önümlerini, dürli diametrdäki kabelleri we şlangalary çykarýar.

Önümçilik üçin gerekli çig mal Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýar.

Hojalyk jemgyýetiniň düzüminde dört sany önümçilik kärhanalary hereket edýär. Olaryň ikisinde ätiýaçlyk şaýlary we fitingler, asma potoloklar, elektrik geçirijiler ýaly önümler öndürilýär. 2017-nji ýylda Türkmenistanda «Derýakeramika» haryt nyşanly sanfaýans we keramika önümlerini öndürýän ilkinji kärhana hem açyldy. 2021-nji ýylda «Ýylyderýa» haryt nyşanly elektrik suw ýyladyjylaryň (boýleriň) önümçiligi hem ýola goýuldy. Öndürilýän önümler içerki bazary üpjün etmek bilen bir hatarda, dünýäniň onlarça ýurduna eksport edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: