BILIM

Derýaçylyk mekdebinde ykdysady hünärlere bagyşşlanan hepdelik geçirildi

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde «Ykdysady hünärler» atly okuw gurnagynyň guramagynda hepdelik geçirildi. Oňa mekdebiň ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary hem-de buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünärleriniň talyplary gatnaşdylar.

Hepdeligiň dowamynda aýdym-sazly çäreler bilen bir hatarda «Zehin ýoly» atly ders bäsleşigini, harytlaryň bazardaky ýagdaýyna we ony kesgitlemäge bagyşlanan açyk görelde sapagy hem geçirildi.

Hepdeligiň çägindäki bäsleşigiň has gyzykly bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Onda ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary hünäriniň ikinji ýyl talyplaryndan düzülen «Sanly ykdysadyýet» topary ýeňiji boldy. Şeýle hem ýaryşa bu hünäriň birinji ýyl talyplarynyň «Telekeçi», buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünäriniň talyplarynyň «Ukyply nesil» we «Hazyna» toparlary gatnaşdylar.

Bäsleşigiň dowamynda toparlaryň agzalaryna zehin we ugurtapyjylyk sowallary berildi we talyplaryň dünýä döwletleriniň pul birliklerine beletçiligi barlanyldy.

Şu okuw ýylynyň dowamynda mekdebimizde şeýle täsirli hepdelikleriň ýene birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: