Derwaýys maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Täze döwür amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýär. Şoňa görä-de, şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmekligi teklip edýärin.” diýen tabşyrygyndan ugur alyp, ýaşlar döwlet syýasaty bilen bagly “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebinde 02.11.2024-nji ýylda iş maslahaty geçirildi. Maslahatda 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmek barada beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen Ylmyň, tehnikanyň örän çalt depginlerde ösmegi, täze tehnogiýalaryň döremegi bilen baglylykda bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek ýaly birnäçe möhüm meselelere seredildi. Maslahata mekdebiň mugallymlary bilen bir hatarda welaýatyň himiýa, nebit-gaz, gurluşyk, energetika we dokma senagaty pudaklarynyň wekilleri, mekdebiň göreldeli talyplary we olaryň ene-atalary gatnaşdy.
Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň beren tabşyrygyndan gelip çykýan wezipeleri gyşarnyksyz ýerine ýetrimek üçin, Gahryman Arkadamyz tarapyndan toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlary kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly öňe sürlen maslahatlary geçirmek boýunça birkysmy usulyýetiň taýýarlanandygyny we iş maslahatyna gatnaşanlary bu usulyýetde bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň meseleleri boýunça maslahatlary geçirmegiň tertibi, maslahatlary geçirmegiň ýörelgeleriniň, olarda üns merkezine alynmaly meseleleriň we garaşylýan netijeleriň öz beýanyny tapandygy mälim edildi.
Bu birkysmy usulyýetden ugur alnyp, mekdepde içki usulyýetiň işlenip taýýarlanandygy we tassyklanandygy barada durlup geçildi. Şu maslahatyň mekdep boýunça öňde goýlan meselelere dogry düşünip, çynlakaý çemeleşmeklik, orta hünär bilimi hem-de ýaşlar syýasaty boýunça beriljek teklipleriň ýokary derejede bolmagyny gazanmak, bilimiň mazmunyna we okatmagyň usulyýetine täzeçe garamak, şeýle hem bilim boýunça umumy maksatlara ýetilmegi tizleşdirmek üçin esasy strategik özgertmeleri we gurallary kesgitlemek barada derwaýys meselelere seretmek we oňyn netije çykarmak baradaky teklipleri we bellikleri bermekde möhüm ähmiýeti boldy.
Maslahatyň meselesi boýunça mekdebiň okuw bölüminiň müdiri A.Hydyrow çykyş etdi. Ol çykyşynda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň giň gerimi we täzeçilligi bilen tapawutlanýandygyny, bu özgertmeleriň döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alýandygyny belledi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: “Ýurdumyzyň her bir raýaty ata Watanymyza belent söýgi bilen ýaşaýar we yhlasly zähmet çekýär. Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär. Munuň özi “Döwlet adam üçindir” diýen taglymatymyzyň esasynda alyp barýan işlerimiziň rowaçlanýandygyny görkezýär” diýip A.Hydyrow sözüni dowam etdi.
A.Hydyrow 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Hormatly Prezidentimiziň “Ýurdumyzyň ylym ulgamynda ylmy barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça köp işler ýerine ýetirildi. Ylmyň, tehnikanyň örän çalt depginlerde ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýär.” diýen tabşyryklaryna maslahata gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi.
A.Hydyrow çykyşynyň dowamynda 2012-nji ýyldan bäri orta hünär bilimi bilen bagly statistiki görkezijiler barada hasabat berdi. Hasabata laýyklykda, 2012-nji ýyldan şu günki güne çenli mekdebe kabul edilen, okuwyny tamamlan talyplaryň sany, mekdepde öň okadylan we häzirki wagtda okadylýan hünärler, ýyllar boýunça aýratynlykda isleg bildirilýän hünärler barada maglumatlar bilen maslahata gatnaşyjylary tanyşdyrdy. Hasabata laýyklykda, zähmet bazarynda orta hünär bilimli hünärmenlere bolan islegler seljerildi.
A.Hydyrow ýene-de bir möhüm meseleleriň biri bolan, 2025-nji ýyl üçin okuwa kabul etmegiň meýilnamalarynyň taslamasyny taýýarlamak üçin Lebap welaýat ilatyň Zähmet we iş üpjünçilik müdürligi we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky edara-kärhanalar bilen ýakyndan işläp, boş iş orunlary we geljekde zerur boljak hünärleri hem-de olaryň zerur sanlaryny kesgitlemek, mekdepde ýaşlary hünäre ugrukdyrmak işlerini ýokary derejede guramaçylykly alyp barmak boýunça iş topary tarapyndan zähmet bazarynda işçi hünärmenlere, orta hünär bilimli hünärmenlere bolan islegleri öwrenmek barada alnyp barylýan işler dogrusynda durup geçdi. Ondan başga-da, mekdepde bilim berlişiniň häzirki ýagdaýyna seljerme geçirmek, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli geçirilýän we geçirilmeli işler barada durup geçdi.
Müňýyllyklardan gözbaş alýan milli mirasymyzy, medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazarýet esasynda düýpli öwrenmek hem-de ylmy taýdan beýan etmek barada mekdebiň direktorynyň orunbasary T.Narbaýew çykyş etdi. Ol çykyşynyň başynda 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Döwlet Baştutanymyz medeniýetiň we sungatyň halkymyzyň ruhy baýlydygyny aýdyp, ruhy gymmatlyklarymyzy, medeni mirasymyzy aýawly saklamakda, dünýä ýaýmakda medeniýet ulgamyna uly ornuň degişlidigi barada bellänlerini aýdyp geçdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler biziň ählimizden jogapkärçilikli, yhlasly zähmet çekmegi, ýokary netijeleri gazanmagy talap edýär, diýip T.Narbaýew sözüni dowam etdi.
Maslahatda tebigy zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we goldamak maksatly çäreleriň we toplumlaýyn işleriň geçirilişine ünsi güýçlendirmek, talyplaryň döredijiligini, aragatnaşygyny we başarnyklaryny ýokarlandyrmak barada alnyp barylýan işler we öňde goýlan wezipeler barada durlup geçildi. Geçen okuw ýylynda mekdepde amaly häsiýetli ylmy barlaglary we özbaşdak ylmy işleri alyp barmak üçin “Ýaş alymlar klubynyň” döredilendigini, onuň öz işini netijeli alyp barýandygy, mekdebiň mugallymlary tarapynda aýratyn zehinli talyplary ýüze çykarmakda bu klubyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellendi. Talyp ýaşlaryň arasynda geçirilýän medeni köpçülikleýin çäreleriň hem zehinli talyplary ýüze çykarmaga uly itergi berýändigini bellendi. Şu okuw ýylynda kabul edilen talyplaryň arasynda sportuň dürli görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionynyň bardygy barada hem durlup geçildi.
Maslahatda ýaşlaryň arasynda watançylyk terbiýesini ýokarlandyrmak, olara Watan mukaddesliklerini we gymmatlyklaryny düşündirmek boýunça mekdebiň önümçilik tejribeliginiň ýolbaşçysy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy B.Taganow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda mekdebimizde talyplaryň edebine we terbiýesine ünsi gowşatmazlyk maksady bilen, okuw toparlarynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat gürrüňdeşlikleriň, Internet ulgamynda sosial torlarda ýaýradylýan we mahabatlandyrylýan, zyýanly maglumatlardan talyp ýaşlary ägä etmek boýunça düşündiriş işleriň yzygiderli geçirilýändigini belledi.
Maslahatyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda hünär bilimini ösdürmek, ýaşlary hünäre ugrukdyrmak babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Akmyrat GURBANOW
Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň direktorynyň w.ý.ý.