Ders bäsleşiklerinde bir mekdepden 70 okuwçy ýeňiji boldy
Şu ýyl Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň 70-den gowragy «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders we taslama bäsleşikleriniň şäher, welaýat we döwlet tapgyrlarynda öňdäki orunlary eýeledi.
Bu maglumaty has takyklaşdyrsak, mekdebiň 8-nji we 9-njy synp okuwçylary bäsleşigiň şäher tapgyrynda öňdäki orunlaryň 12-sini eýeläpdiler. Şu tapgyrda ýeňiş gazanan 10-njy we 11-nji synp okuwçylarynyň 28-sinden 12-si welaýat tapgyrynda hem ýeňiji boldy. Şol 12 okuwçynyň 8-si bäsleşigiň döwlet tapgyryndan öňdäki orunlar bilen dolanyp geldi.
Eger bäsleşigiň döwlet tapgyrynda welaýatymyzyň mekdep okuwçylarynyň 35-siniň ýeňiji bolup, şolaryň hem 13-siniň Türkmenabat şäherindäki mekdeplere wekilçilik edýändiginden ugur alsak, 13 ýeňşiň 8-siniň (deň ýaryndan hem gowragynyň) hut şu mekdebe degişli bolmagy diýseň uly üstünlikdir.