BILIM

Ders bäsleşiginiň ýeňijisi surat çekmäge hem ökde

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Çärjew etrabynyň 41-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Mehri Azizowa ýakynda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda türkmen bölümlerinde okaýan okuwçylaryň arasynda rus dili boýunça üçünji orny eýeledi.
Mehriniň mugallymy, bu işde 35 ýyllyk tejribesi bolan Gülçehra Seýitnyýazowa «Jeyhun.news»-a zehinli şägirdiniň döwlet bäsleşigine 8 ýyldan bäri taýýarlanyp gelýändigini gürrüň berdi. Ol bu ýyllaryň dowamynda bäsleşigiň etrap we welaýat tapgyrlarynda birnäçe gezek ýeňiji boldy.
Mehri ýurduň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan sanly ulgam arkaly geçirilýän bäsleşiklere
hem yzygiderli gatnaşýar. Ol Türkmenabat şäherindäki «Dana» bilim merkeziniň hem diňleýjisi.
Zehinli okuwçy gyz sungatyň çeperçilik ugry bilen hem gyzyklanýar. Onuň sünnä bilen çekýän
suratlary hemmeleri haýran galdyrýar. Ol etrapdaky çagalar sungat mekdebinde hem okady.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: