Türkmenabat şäheriniň we Dänew etrabynyň orta mekdeplerine wekilçilik edýän okuwçylar «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň türkmen dili we edebiýat ugry boýunça 12-nji synp okuwçylarynyň arasyndaky ýedi ornuň üçüsini eýelediler. Bu bolsa bäsleşigiň döwlet tapgyryna gündogar sebitden gatnaşan okuwçylaryň ählisiniň baýrakly orunlar bilen dolanandygyny görkezýär.
Has takygy, Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebinden synpdaşlar Enejan Narmyradowa bilen Bägül Joraýewa bäsleşikde ikinji, Dänew etrabynyň 14-nji orta mekdebinden Madina Sünnetyllaýewa bolsa üçünji orny eýeledi.
Bäsleşigiň türkmen dili we edebiýat ugruny Daşoguzyň Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi kabul etdi.
Ders bäsleşigi: türkmen dili we edebiýatdan ýedi ornuň üçüsi lebaply okuwçylarda

17
Mar