Ders bäsleşigi: taryh okuw dersinden altyn medal
Taryh okuw dersi Lebap welaýatynyň mekdep okuwçylarynyň «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda altyn medaly getiren üç ugruň biri boldy. Has takygy, bu ugur boýunça Türkmen oba hojalyk institutynda (Daşoguz şäheri) geçirilen bäsleşikde 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Çärjew etrabynyň 22-nji orta mekdebiniň okuwçysy Mihman
Ýazmuradowa taý tapylmady.
Şeýle hem bäsleşikde welaýat merkezindäki 18-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Selbi Şöhradowa üçünji orny eýeledi.