BILIM

Ders bäsleşigi: rus dilinden altyn medal

Ýurduň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda her ýyl yglan edilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň rus dili ugry boýunça lebaply mekdep okuwçylary öňdäki orunlaryň bäşisini eýelediler.
Şunda rus dili boýunça bäsleşigiň türkmen we rus dilleri bölümlerinde okaýan okuwçylaryň arasynda aýry-aýrylykda geçirilendigini aýtmak gerek.
Bäsleşikde Lebap welaýatynyň okuwçylary aşakdaky orunlary eýelediler:
Rus dili okuw dersi (türkmen bölümi)
1. Merjen Umarowa, Çärjew etrabynyň ýöriteleşdirilen 31-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy, ikinji orun;
2. Şükür Gotdaýew, Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy, üçünji orun;
3. Mehri Azizowa, Çärjew etrabynyň 41-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy, üçünji orun.
Rus dili okuw dersi (rus bölümi)
1. Alina Muminowa, Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy, ikinji orun;
2. Darýa Oblowa, Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy, birinji orun.
Ýeri gelende aýtsak, matematika we informatika okuw dersleri boýunça bäsleşikler Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instititynda geçirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: