Ders bäsleşigi: lebaply okuwçylaryň ikisi Türkmenistanyň iň güýçli ýaş astronomlarynyň hataryna girdi
Lebaply mekdep okuwçylarynyň ikisi ― Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Igor Awasenow bilen Halaç etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Maýsa Hudaýberdiýewa Türkmenistanyň iň güýçli ýaş astronomlaryň hataryna girmegi başardylar. Olar «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşikde astronomiýa
uugry boýunça öňdäki orunlary eýelediler.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web saýty türkmenabatly mekdep okuwçysynyň ikinji, halaçly zehinli gyzyň bolsa üçünji orny eýeländigini habar berdi.
Astronomiýa boýunça bäsleşik Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk uniwersitetinde geçirildi.