Ders bäsleşigi: lebaply okuwçylar geografiýa boýunça medallaryň dördüsini gazandylar
«Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň geografiýa ugry boýunça döwlet tapgyrynda Lebap welaýatynyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň dördüsi öňdäki orunlara mynasyp boldy. Olaryň ikisi ikinji, ikisi hem üçünji orny eýelediler. Bu okuwçylar welaýatyň Türkmenabat şäherine, Çärjew we Dänew etraplaryna wekilçilik edýärler.
Has takygy, 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen bäsleşikde Çärjew etrabynyň 43-nji orta mekdebiniň okuwçysy Janana Bagtyýarowa ikinji, Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň okuwçysy Göwher Setdarowa bolsa üçünji orny eýeledi.
Edil şeýle üstünlikler 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen bäsleşikde hem gazanyldy. Türkmenabat şäheriniň 28-nji orta mekdebinden Didar Merdanow bäsleşigi ikinji orunda, Dänew etrabynyň 21-nji orta mekdebiniň okuwçysy Azamat Nurmyradow bolsa üçünji orunda tamamlady.
Geografiýa boýunça bäsleşik Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi.