Türkmenabatly mekdep okuwçylary «Altyn asyryň altyn zehinleri» ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda iňlis dilini çuňňur özleşdirýändiklerini subut etdiler. Olar bu bäsleşikde ikinji orunlaryň ikisini eýelediler.
Bu orunlaryň birini Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Mähri Baýramowa gazandy. Şeýle hem welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepden Annamyrat Akyýew bäsleşikden üçünji orun bilen dolanyp geldi.
Bäsleşigiň iňlis dili ugry Mary şäherinde ― Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde geçirildi. Oňa ýurduň ähli sebitlerinden 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň 53-si gatnaşdy.
Ders bäsleşigi: iňlis dilinden iki ikinjilik

17
Mar