BILIM

Ders bäsleşigi: himiýadan üç orun

Lebap welaýatynyň orta mekdepleriniň 11-nji we 12-nji synp okuwçylary «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda himiýa okuw dersi boýunça öňdäki orunlaryň üçüsini eýelediler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.
Çeşmäniň ýazyşy ýaly, bu ders boýunça lebaply mekdep okuwçylary bir sany ikinji orny we iki sany üçünji orny eýelediler. Ine, gazanylan netijeler:
1. Babajan Aganyýazow, Hojambaz etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy, adaty orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda ikinji orun;
2. Arslan Ýusubow, Dänew etrabynyň ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy, adaty orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda üçünji orun;
3. Leýli Babaýewa, Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy, adaty orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda üçünji orun.
Ýeri gelende aýtsak, himiýa okuw dersi boýunça bäsleşik Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi.