BIZE YAZYARLAR

Derdiň dermany çomuç

Ýurdumyzyň gözel tebigaty ösümlik dünýasine örän baý hasaplanýar. Güneş çogundan sorup ulalýan her bir ösümligimiz müň bir derdiň dermany hasaplanýar. Garagum çölüniň jümmüşinde bitýän çomuç hem iň naýbaşy dermanlyk ösümlikleriň biri hasaplanýar. Ýurdumyzda Garagum çölünden başgada Balkan welaýatynyň çäklerinde çomuja duşmak bolýar. Onuň boýy 1,5-2 metre barabar bolup, palajynyň tagamy gum çomujyna seredende ajymtyk bolýar.
Latynça ady Ferula diýilip atlandyrylýan çomuç halk lukmançylygynda hem giňden peýdalanylýar. Gadym döwürlerde ony önelgesizlikde, ganazlykda, aşgazan ýaralarynda, immunitedi ýokarlandyrmakda, sowuklamada, inçekeselde, howply çiş kesellerinde, öt suwuklygyny çykarmakda peýdalanypdyrlar.
Türkmenlerde gadymdan galan ýene bir däp hem çomuç toşabyny taýýarlamakdyr. Gowy toşap gumda bitýän çomuçdan alynýar. Çomujyň baldagyny alyp, ony böleklere bölüp suwuny gowy edip sykyp almaly, alnan suwy uly gazanda gaýnatmaly. Hakyky çomuçdan alnan toşabyň reňki we tagamy balyň tagamyna çalym edýär. Ene-mamalarymyz taýyn bolan toşaby sary ýag bilen
garypdyrlar;
Çomujyň toşabyn saryýag bilen,
Alty aýlap ony meşige salan,
Soňra ak bugdaýyň çöregi bilen,
Iýen ýüwrüklikde ýaryşda ozan.
Alty aýlap saryýag bilen çomuç toşabyny meşikde saklap soň iýen ata-babalarymyzyň ýanyna kesel gelmändir. Bu nygmatyň tagamyny hiç bir zat çalşyp bilmändir. Tagamy bilen bilelikde çomujyň peýdasy hem sanardan kändir.
Dermanlyk ösümliklere baý mekanymyzda adam saglygy hakyndaky aladany ilkinji orunda goýýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Ýazmyradowa Solmaz,
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat Agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: