Deňiz derejesinden 2,5 kilometr beýiklikde ýerleşýän şäherde gadymy medeniýet saklanyp galypdyr
Perudaky Maçu-Pikçu şäheri dünýäniň iň ajaýyp ýerleriniň biridir. Taryhy XV asyryň ortalaryna degişli bu şäher deňiz derejesinden 2,5 kilometr beýiklikde ýerleşýär.
325,92 inedördül kilometr meýdany eýeleýän bu gadymy şäher özboluşly binagärlik gurluşy bilen tapawutlanýar. Gadymy inkleriň iň meşhur şäheri hasaplanylýan bu ýerde daşdan ýasalan ybadathanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň 200-e golaýy hasaba alnandyr. Şeýle hem gazuw-agtaryş işleriniň barşynda bu gadymy şäherde tapyndylaryň 4000-den gowragy we irki döwürlere degişli bolan senenamalar tapyldy.
ÝUNESKO-nyň bütindünýä sanawynda orun alan Maçu-Pikçu jahankeşdeleriň iň köp gelýän ýerleriniň biridir.