Belgiýanyň milli ýygyndysynyň we Angliýanyň “Aston Willa” klubynyň futbolçysy Leander Dendonker öz ýurduna has dogrusy, “Anderlehte” gaýdyp geldi.
“Aston Willa” 29 ýaşly ýarymgoragçyny satyn almak şerti bilen kärende berdi. Dendonker 2013-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli Belgiýanyň klubynda oýnady we bu toparda professional karýerasyna başlady.
Şeýle hem premýer-ligadaky “Wulwerhempton” we “Aston Willa” klublarynda, geçen möwsümde bolsa “Napolide” kärende esasynda oýnady.
Mundan başga-da, futbolçy Belgiýanyň milli ýygyndysy üçin 33 oýunda meýdana düşdi.