Farap etrabyndaky 21-nji orta mekdepde bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleriniň, işjeň partiýa agzalarynyň gatnaşmaklarynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlarynyň aýdyň ýoly» atly maslahat geçirildi.
Onuň dowamynda bu maksatnamanyň halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, bilim we saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen ugurlary barada giňişleýin durlup geçildi.
Maslahata gatnaşyjylar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň ýörelgelerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işler barada buýsanç bilen bellediler.
Demokratik partiýa Farapda duşuşyk geçirdi
25
Feb

