«Demirbetonkonstruksiýa» zawodynda önümçiligiň depgini artýar

 Türkmenabat şäherindäki «Demirbetonkonstruksiýa» zawodynda 2022-nji ýylyň  geçen  üç aýynda gurluşyk üçin betonyň 8 müň 100 kub metri, keramzidiň 7 müň kub metri, şeýle-de ýygnama gurluşyk demir gurnawlarynyň hem 4,5 tonnasy öndürildi.

Jemi öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi 13 million 270 müň manatlykdan geçdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründen 1 million 775,5 müň manatlyk köpdür. Has takygy, geçen 2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda  «Demirbetonkonstruksiýa» zawodynda 11 million 495 müň manatlyga ýakyn önüm öndürilipdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector