YKDYSADYÝET

«Demirbetonkonstruksiýa» zawodynda 15,5 million manatlykdan gowrak iş edildi

Türkmenabat şäherindäki «Demirbetonkonstruksiýa» zawodynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda demirbeton önümleriniň 10 müň 140 kub metri, harytlyk betonyň 130 kub metri, keramzidiň bolsa 9 müň 300 kub metri öndürilip, 15 million 541 müň 407 manatlyk iş edildi.
Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr.