BIZE YAZYARLAR

Demir ýollary — ösüşiň ygtybarly ýoly

Berkarar döwletimizde ähli pudaklar bilen bir hatarda ulag-kommunikasiýa ulgamy hem yzygiderli ösdürilýär. Şol ulgamyň möhüm ugurlarynyň biri bolan demir ýol pudagy milli ykdysadyýetimiziň pugtalanylmagynda, sebitleriň özara baglanyşygyny berkitmekde, ilata edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmekde möhüm orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň möçberli özgertmeler netijesinde ýurdumyzyň demir ýol ulgamy döwrebaplaşdyrylýar, täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalandyrylýar.
Demir ýol — bu diňe bir ýükleri we ýolagçylary bir menzilden beýleki menzile ýetirmegiň serişdesi däl. Ol halk hojalygynyň dürli pudaklaryny baglanyşdyrýan, ykdysady işjeňligi artdyrýan, ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçiligini ýokarlandyrýan möhüm damardyr. Hut şonuň üçin hem demir ýol işgärleriniň zähmeti aýratyn hormata mynasypdyr. Gije-gündiz yhlasly zähmet çekýän ýol ussalary, maşinistler, wagon gözegçileri, dispetçerler, abatlaýjy hünärmenler we pudagyň beýleki işgärleri özleriniň halal hem jogapkärli zähmeti bilen ýurdumyzyň ösüşlerine saldamly goşant goşýarlar.
Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy hökmünde biziň baş maksadymyz hem şol işgärleriň bähbitlerini goramakdan, olaryň zähmet we durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakdan, agzybir zähmet köpçüligini kemala getirmekden ybaratdyr. Biz öz işimizde diňe bir önümçilik meselelerine däl, eýsem, işgärleriň saglygyny goramak, dynç alyşyny talabalaýyk guramak, medeni-köpçülik çärelerini geçirmek, ýaş hünärmenleri goldamak ýaly möhüm ugurlara hem uly ähmiýet berýäris. Çünki zähmet adamy hakda edilýän alada — bu önümçiligiň netijeliligine goýulýan ygtybarly maýa goýumydyr.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçilikler demir ýol işgärleriniň göwün guşuny ganatlandyrýar. Täze demir ýol ugurlarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, hereket edýän infrastrukturalaryň kämilleşdirilmegi, sanly ulgamlaryň giňden ornaşdyrylmagy, ýük we ýolagçy daşamalarynyň geriminiň artmagy pudagyň depginli ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu işler diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, durmuş taýdan hem möhüm ähmiýete eýedir. Çünki ulag ulgamy ösdürildigiçe ilatyň amatlyklary artýar, işewürlik işjeňleşýär, sebitleriň mümkinçilikleri giň açylýar.
Demir ýol ulgamynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda Watana, halal zähmete, kärine bolan buýsanjy has-da artdyrmak kärdeşler arkalaşygynyň öňünde duran esasy wezipeleriň biridir. Şonuň bilen baglylykda, ilkinji guramamyzyň guramagynda zähmet öňdebaryjylaryny hormatlamak, hünär baýramlaryny ýokary ruhda geçirmek, sport-sagaldyş we medeni çäreleri yzygiderli guramak, ýaşlary kärine söýgi ruhunda terbiýelemek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şeýle çäreler zähmet köpçüliginiň jebisligini pugtalandyrýar, işgärleriň işjeňligini ýokarlandyrýar.
Biziň üçin iň uly buýsanç — döwletimiziň adam hakdaky aladasynyň her bir kärhanada, her bir iş ýerinde duýulýandygydyr. Demir ýol işgärleriniň mynasyp zähmet çekmegi, oňaýly şertlerde işlemegi, maşgala abadançylygyny üpjün etmegi ugrunda edilýän işler ýurdumyzda adam bähbitli syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Şeýle ajaýyp döwürde ýaşaýandygymyz, zähmet çekýändigimiz üçin biz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Biz mundan beýläk-de demir ýol ulgamynda zähmet çekýän kärdeşlerimiziň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, olaryň döredijilikli zähmete höwesini artdyrmak, agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmak ugrunda ähli tagallalarymyzy gaýgyrmarys. Çünki demir ýollaryň ygtybarly işlemegi — ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň, halkymyzyň abadan durmuşynyň möhüm şertleriniň biridir.

Ahunjan PAZYLOW,
«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 26-njy şahamçasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.