BILIM

Demir ýol hünär-tehniki okuw mekdebi okuwa çagyrýar

Şu ýylyň 1-nji iýulyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň Türkmenabat şäherindäki demir ýol hünär-tehniki okuw mekdebi dalaşgärlerden resminamalary kabul edip başlar.

6 hünär boýunça bilim berýän mekdepde okuwlar 1,5 ýyl dowam edýär we olar tölegli.

Mekdepde okamak isleýän dalaşgärlerden giriş synaglary 26 ― 29-njy awgust aralygynda alnar.

Mekdepde okamak üçin gerekli resminamalaryň sanawy «Türkmen gündogary» gazetiniň 27-nji iýundaky sanynda paýlaşyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: