TÜRKMENISTAN HABARLARY

Dekabryň aýlyk haklary 20-sine çenli töleniler

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar
Berdimuhamedow eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň
işgärlerine 20-nji dekabra çenli aýlyk zähmet haklarynyň tölenilişine berk
gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty
habar berýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 2024-
nji ýylyň esasy ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişine görä,
ýerine ýetirilen çäreleriň netijesinde, degişli döwürde ýurduň jemi içerki önümi
6,3 göterim ýokarlandy. 11 göterim ösüş depgini bilen gurluşyk pudagy, 9,5
göterim bilen söwda, 7,1 göterim bilen ulag-aragatnaşyk pudagy, 8,7 göterim
bilen hyzmatlar ulgamy, 5,3 göterim bilen oba hojalygy, 2,2 göterim bilen
senagat pudaklaryň arasynda ösüş depgini boýunça öňdeligi eýelediler. Öndürilen önümiň möçberi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 12,1 göterim,
bölek haryt dolanyşygy bolsa 12,8 göterim ösdi. Daşary söwda dolanyşykda
durnukly görkezijiler hasaba alyndy.
H.Geldimyradow döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 102,6 göterim, çykdajy
böleginiň bolsa 97,7 göterim ýerine ýetirilendigini aýtdy. Iri we orta
kärhanalarda ortaça aýlyk zähmet haky 10,6 göterim, özleşdirilen maýa
goýumlaryň möçberi bolsa 29,2 göterim ýokarlandy.
Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde 49 sany durmuş desganyň, 32 sany suw
arassalaýjy desganyň, 725,1 müň inedördül mertlik ýaşaýyş jaýlarynyň
gurluşygy alnyp barylýar.
Hökümet mejlisinde şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenip,
ýurdy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek boýunça möhüm
wezipeler kesgitlenildi.