YKDYSADYÝET

Dekabrda bananyň ilkinji hasylyna garaşylýar

Türkmen telekeçileri indi subtropikler ösümliklere ideg etmek işlerini-de ussatlyk bilen alyp barýarlar. Ýagny, «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň «Hemsaýa» hojalyk jemgyýeti tarapyndan banan ösdürip ýetişdirilmek işi netijeli ýola goýulýar.

Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän hojalyk jemgyýetiniň bu ýerdäki 5 gektar meýdany tutýan ýörite ýyladyşhanasynda bananyň 9 müň düýbi oturdylypdyr. Häzirki wagtda boýy 30 — 40 santimetre ýeten banan şitilleriniň ösüşi kadaly bolup, olara yhlasly ideg edilýär. Hususyýetçilik şu ýylyň dekabr aýynda ilkinji hasyla garaşýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: