«Degre» hojalyk jemgyýeti täze önümleri öndürip başlady
«Degre» hojalyk jemgyýeti täze önümleri — agaç we demir önümlerini reňklemek üçin syrça (emal) boýaglaryny hem öndürip başlady.
Bu hojalyk jemgyýetinde häzirki wagtda gurluşykda binalaryň bezeginde ulanylýan suwly-disperision boýaglaryň dürli görnüşleri öndürilýär. Bu ýerde öndürilýän potolok, içki we daşky diwar, düşekleme boýaglary «Dere», «Mabo», «Gutun» haryt nyşanlary bilen söwda nokatlarynda müşderilere ýetirilýär. Bulardan başga-da, kärhana reňk berijileriň 26 görnüşiniň önümçiligini alyp barýar. Indi bolsa «Rysgal» gazetiniň ýazmagyna görä, «Degre» hojalyk jemgyýeti täze önümlerini — agaç we demir önümlerini reňklemek üçin syrça (emal) boýaglaryny hem öndürip başlady.