BIZE YAZYARLAR

Daýna zehini

Ýene säher bilen süňňümi sökdi,
Bir birinden gözel mukam-u- gazal.
Göýä adym tutup, gapymy kakdy,
“Eý! Dünýä çyk!” diýip elimden
çekdi
Nury bilen Gurbannazar,
Nury bilen Gurbannazar
Annaberdi Agabaýew

Türkmeniň beýik kompozitory Nury Halmämmedow özüniň gysga ömründe türkmen sungatyna soňuna ýetip bolmajak miras galdyrdy. Onuň her bir eseri kalbymyzda ýaşaýar we indiki nesliň kalbynda ýaşamagy hem dowam eder. Kompozitor öz döredijiliginde dürli žanrlara ýüzlenýär. Simfoniýa, kamera-intrumental, wokal, wokal-simfoniki eserleri, opera , balet şeýle-de kino sazlary onuň döredijiliginde uly orun tutýar.
“ Nury Halmämmedow bilen Gurbannazar Ezizowyň ýegre dostlugynda sähelçe bolsa-da meniň paýym bardy, ýagny olary tanyşdyran mendim. Men Nury Halmämmedow bilen Gurbannazar Ezizowy, onda-da olaryň çuňňurlygydyr gerimi, şeýle ýakyn döredijilik älemlerini biri-birinden aýra göz öňüme getirip bilemok” diýip türkmenistanyň halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýew belleýär.
Nury Halmämmedow şahyryň sözlerine birnäçe romanslary döredýär. Döredilen romanslar çuň mana, oý-pikire eýedir. Kompozitor nusgawy şahyrlarymyz Mollanapes, Magtymguly, Seýdi, Zeliliniň döredijiligine hem ýüzlenýär. Yşk mülküniň şasy Mollanepesiň sözlerine ýazylan toplum muňa aýdyň mysal bolup biler.
Gurbannazar Ezizowyň sözlerine döredilen birnäçe romanslary kompozitoryň döredijiliginde uly orun tutýar: “Şahyr ýüregi, Uçuň durnalar”, “Gahrymanlaryň ýadigärligine” atly poema, “Esger ýüregi”
Nury Halmämmedowyň ajaýyp sazlary her bir ynsanda uly täsir galdyrýar. Döwürdeş şahyrlarynyň kompozitora bagyşlap goşgy setirlerini ýazmadygy az bolsa gerek. Gurbannazar Ezizow, Allaýar Çüriýew, Annaberdi Agabaýew, Hudaýguly Allamyradow….
Allaýar Çüriýew “Pirde”
Müň ýaşly arçanyň astynda uklap
Üwrelesim geldi dag şemalyna,
Gözümi aýyryp bilmedim senden
Teşne boluşym deý ýar jemalyna
Diňşirgendim gulagymda ýaňlandy
Nury Halmämmediň simfoniýasy
Bir arzuwym – guramasyn hiç haçan
Pirdereden akýan çeşmäň hanasy
Kompozitor diňe bir türkmen edebiýatyna ýüzlenmek bilen çäklenmän eýsem daşary ýurt şahyrlarynyň döredijiligine S.Ýeseniniň, G.Geýnäniň ýapon şahyrlarynyň döredijiligine hem ýüzlenýär.
1938-nji ýylda Daýna obasynda dünýä inen meşgur kompozitoryň döredijiligi ýaş neslimiz üçin uly mekdep bolup durýar. Onuň eserlerini diňläp, öwrenip, gudratly sazyň täsiri astynda ýene bir täze eser döredilýär. Kompozitoryň döredijiligi ýaş kompozitorlara uly mirasdyr, mukaddeslikdir we halypadyr.
“Kompozitoryň türkmen saz sungadyna goşan goşandy iňňän uludyr. Onuň döredijilik mirasy bakylyga ymtylýan üýtgeşik, baý ruhy dünýädir. Nury Halmämmedowyň döredijiligi türkmen halkynyň ruhy hazynasynyň bir bölegi bolmak bilen geçmişi, häzirki döwri we geljegi özara baglaýan uly ruhy güýçdir.”

Humaý DÖWRANOWA,

Lebap welaýat ýörite sunagat mekdebiniň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy.