Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Lebap welaýat şahamçasy welaýat neşirinde çap edilen bildiriş arkaly ildeşlerimize 100 müň manat möçberindäki «Toý» karzynyň berilýändigini ýatlatdy.
Bildirişde nygtalyşy ýaly, bu karz serişdesi 3 ýyllyk möhlet bilen berilýär. Onuň ýyllyk göterimi 7-ä deň. Karzy almak üçin zamunlyk ýa girew emlägi zerurdyr. Bu hyzmatdan peýdalanmak üçin ýüztutmalary we degişli resminamalary bankyň resmi web saýtynyň «Onlaýn ýüzlenmeler» bölüminiň üsti bilen onlaýn
görnüşde iberip bolýar.
«Daýhanbank» 100 müň manatlyk karzy hödürleýär

04
Jul