1-nji dekabrdaky ýagdaýa görä, «Daýhanbank» DTB Lebap welaýatyny POS
terminallary bilen iň köp üpjün eden bank bolup durýar. Welaýatda bu bankyň
terminallarynyň 2 müň 193-si işjeň hereket edýär.
Sanawda ikinji orny 1344 terminal bilen «Türkmenbaşy» PTB, üçünji orny bolsa
1121 terminal bilen «Halkbank» PTB eýeleýär.
Welaýatda jemi 6799 POS terminalynyň bardygyny ýatladýarys. Täze ýylyň
ilkinji günündäki ýagdaýa görä, bu sanyň has artmagy mümkin. «Jeyhun.news»
degişli maglumatlary yzarlap, bu barada öz okyjylaryna habar bermegi
meýilleşdirýär.
«Daýhanbank» ― Lebapda has köp terminaly bolan bank

24
Dec