«Daýançda» okuw maslahatlaryna badalga berildi
Oktýabr aýynyň gelmegi bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde geçirilýän okuw-maslahatlaryna badalga berildi. Olara Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýatymyzdaky wekilleri we işjeň agzalary hem gatnaşýarlar.
Şu aýyň başynda deňiz kenaryndaky syýahatçylyk merjeninde Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan okuw maslahaty geçirilip, oňa welaýatymyzda bu pudagyň wekilleriniň uly topary gatnaşdylar. Olar okuw maslahatynyň dowamynda pudagyň edaralarynda kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk ýola goýmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
23 ― 28-nji oktýabr aralygynda bolsa kenarýaka syýahatçylyk merjeninde «Ylym, bilim ýurdumyzyň sarsmaz binýady ― beýik ösüşlerimiziň egsilmez bady» atly okuw maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Adyndan hem belli bolşy ony Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi gurar. Bu okuw maslahatyna welaýatymyzdan 13 adamyň gatnaşmagyna garaşylýar.
«Daýanç» sagaldyş merkezindäki okuw maslahatlary pudaklar boýunça ýylyň ahyryna çenli dowam eder.