TÜRKMENISTAN HABARLARY

Daýahatyn kerwensaraýyny ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek boýunça iş alnyp barylýar

Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen gadymy Daýahatyn kerwensaraýyny Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşmak boýuna degişli işleri alyp barýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda nygtaldy.

Döwlet Baştutanynyň çykyşynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen gadymy Daýahatyn kerwensaraýyny, Dehistanyň ýadygärliklerini Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşmak; türkmeniň milli dograma tagamyny, keçe we kilim taýýarlamak hem-de hüwdini ýerine ýetirijilik sungatyny, çaga sallançagyny bejermek we türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek däplerini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna; Aşgabat we Arkadag şäherlerini bu guramanyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek üçin zerur işleri alyp barmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: