TARYH

Daýahatyn kerwensaraýy

Daýahatyn binagärlik ýadygärligi — Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň gülläp ösen döwründen bäri durky gowy saklanyp galan kerwensaraýlaryň biridir.
Lebap welaýatynyň demirgazygynda Türkmenabatdan 170 kilometr aralykda ýerleşýän kerwensaraý müň ýyl töweregi mundan ozal Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda gurlupdyr. Onuň diwarlarynyň bezegi, arkanyň aýlawly örümleri, güberçekleri we gümmezleri bişen kerpiçden gurlupdyr.
Kerwensaraýdan öň bu ýerde IX asyryň başynda dörtgyraň gala (arapça — rabat) gurlupdyr. Aslynda 821 — 822-nji ýyllarda Arap halyflygynyň Horasandaky dikmesi Tahyr ibn Hüseýin tarapyndan gorag galasy hökmünde gurlan bu bina, soňra X—XII asyrlarda Seljuklar döwründe kerwensaraýa öwrülipdir. Ol Amul şäherinden Amyderýanyň kenary bilen Köneürgenje barýan ýoluň ugrunda ýerleşipdir. Şu şekildäki harby galalar Merkezi Aziýanyň alys sebitlerindäki musulman dünýäsiniň çäklerini goramaga niýetlenipdir. Rowaýatlara görä, bu kerwensaraýy bir baý zenan gurdurypdyr. Şonuň üçin oňa ýerli ilat tarapyndan Baýhatyn kerwensaraýy hem diýlipdir. Daýahatyn kerwensaraýy her tarapy 53 metre deň bolan inedördül ymarat bolup, ol çig kerpiçden gurlupdyr. Ýöne binagärler jaýyň diwarynyň ýüzüne örmek üçin, gümmezleriň, küňreleriň gurluşygynda we başga-da käbir halatlarda bişen kerpiçleri hem ulanypdyrlar. Jaýlaryň içki bezeglerinde guýma gipslerden peýdalanylmagy her hili şekilleri döretmäge mümkinçilik beripdir. Ýöne köp halatlarda binagärleriň kerpiçleri dürli görnüşler boýunça örmek arkaly gazanan bezeg tilsimleri has-da haýran galdyrýar.


Tahyriýa rabatynyň umumy sudury biziň günlerimize çenli saklanypdyr. Şeýle hem bu ýerde minaralaryň yzy hem saklanyp galypdyr. Kerwensaraýa golaýlaşdygyňça, Daýahatynyň kaşaň girelgesi we biziň günlerimize çenli saklanmadyk toýun diwarlaryň bölekleri bilen gurşalyp duran beýleki binalary göze ilýär.
Kerwensaraýyň girelgesi Amyderýa golaý demirgazyk tarapdan goýlupdyr. Şeýtmek bilen ussalar ony gyzgyn çägeli şemaldan gorap, ötegçiler üçin ýakymly howanyň bolmagynyň aladasyny edipdirler. Depesi gümmezli dürli ölçegdäki otaglar myhmanlaryň ygtyýarynda bolupdyr. Kaşaň bezelen myhman jaýlary-da bolupdyr, bu bolsa Daýahatynyň diňe bir täjirleriň dynç almagy üçin däl, eýsem, öz mülküne seýil-seýrana çykan ýokary wezipeli emirleriň saklanan ýeri hem bolandygyna şaýatlyk edýär.
Gapylaryň bolmazlygy we gapdalky otaglara inçejik ötükleriň bolmagy kerwensaraýyň diňe tomus günleri şu maksat üçin ulanylandygyny görkezýär. Binanyň tutuş perimetrinde howa tämizleýjiler bar. Gadymy «myhmanhananyň» eýeleri ambarlar we kömekçi jaýlaryň hem aladasyny edipdirler, ýük daşaýan haýwanlar we olaryň iými üçin ýerler kerwensaraýyň daşynda iki girelgeli giňiş ýerde ýerleşipdir. Uçardan düşürülen suratlaryň esasynda döredilen Daýahatynyň nusgasy bu orta asyr ýadygärliginiň her bir böleginiň oýlanşykly gurlanlygy we kämilligini görkezýär.
Daýahatyn kerwensaraýynyň binagärligi kämilligiň nusgasy bolup, onda gurluşynyň maksada laýyklygy, çeperçilik kämilligi we funksional degerliligi aýrylmaz bütewilikde jemlenipdir.
Türkmen restawratorlary orta asyryň bu «kerwensaraýyny» täze keşbe saldylar. Abatlaýyş işleriniň başlangyç tapgyry tamamlanandan soň, bu ýadygärlik ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmak üçin teklip edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply