MEDENIÝET

Daýahatyn çuňňur öwrenilýär

Lebap welaýatynyň çägindäki orta asyr Daýahatyn kerwensaraýynda ýakynda täze gazuw-barlag we rejeleýiş işleri geçirildi. Bu barada wise-premýer M.Mämmedowa 15-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny giňden öwrenmegiň, gorap saklamagyň, dikeltmegiň we wagyz etmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutany ýurduň taryhy-medeni ýadygärliklerinde arheologik gazuw-agtaryş we rejeleýiş işlerini dowam etdirmegiň, gözlegleriň dowamynda toplanan maglumatlary ylmy taýdan seljermegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.