Daşoguzly maldarlar 36 müňden gowrak owlak-guzy aldylar

 Daşoguz welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy almak baradaky meýilnama üstünlikli berjaý edildi. Birleşigiň S.A.Nyýazow adyndaky etrapdaky «Dowardarçylyk», Görogly etrabyndaky «Garagum» maldarçylyk hojalyklarynyň çopanlary 36 müňden gowrak owlak-guzy aldylar.

Dowarlardan alynýan owlak-guzularyň sany garaşylandan köp boldy. Maldarçylyk hojalyklarynda her birinde owlak-guzularyň 500-si bolan täze tokly sürüleriniň onlarçasy döredildi. Häzirki wagtda birleşigiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynda dowar sürüleriniň jemi 157-si bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector