YKDYSADYÝET

Daşoguzly alymlar pomidoryň täze sortuny aldylar

Türkmen oba hojalyk institutynyň Ylmy-barlag merkezinde(Daşoguz şäheri) «Gündogar 36x» we «Balkan» sortlaryny çaknyşdyrmak arkaly pomidoryň «Aýnur» diýlip atlandyrylan täze sortunyň alnandygy barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär diýip, «turkmenportal.com» ýazýar.

Täze sort gurakçylyga we ösümlikleriň kesellerine orta derejede durnukly. Ol tegelek, daşy ýylmanak, doýgun gyzyl reňkli. Miwesiniň ortaça agramy 100 grama çenli barýar, bir düzümde bir meňzeş ölçegdäki alta çenli pomidor bolýar. Ter wagty düzüminde 4,6% şeker saklaýar. Şiresiniň düzüminde gury maddalar — 6,8%, şeker — 3,5%, turşy – 0,5%, С witamini — 21,4 milligram.

Nahal köpçülikleýin ýetişdirilip başlanandan soň hasyl bermegine çenli 116 gün gerek, ösümligiň miweli böleginiň beýikligi 45 santimetre çenli, ini 40 santimetre çenli ýetýär.

«Aýnur» pomidoryny konserwirlemek we tomat pastasyny öndürmek üçin hem bolýar, diýip, çeşme habar berýär.

Sortuň meýdan synaglary 2016-njy ýyldan 2018-nji ýyla çenli geçirildi we şondan soň onuň nusgasy döwlet ekspertizasyna iberildi. Häzir sort senagat taýdan ulanmaga teklip edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: