BILIM

Daşoguzdaky ýokary okuw mekdebi lebaply zehinlere giriş synaglarynda ýeňillik döreder

Türkmen oba hojalyk instituty tarapyndan geçirilen ders bäsleşiklerinde ýokary netije görkezen lebaply okuwçylar bu ýokary okuw mekdebine talyplyga kabul ediş synaglarynda ýeňilliklerden peýdalanarlar. Institutyň düzgünnamasyna laýyklykda, zehinli ýaşlary goldamak maksady bilen guralan bu bäsleşikler matematika, fizika, himiýa we biologiýa dersleri boýunça ýaýbaňlandyryldy. Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň gutardyş synp okuwçylarynyň arasynda geçirilen bäsleşikde welaýatymyzyň wekilleri uly işjeňlik görkezdiler.
Matematika dersi boýunça Farap etrabyndaky 18-nji orta mekdepden Sabyr Zakirow, Türkmenabat şäherindäki 24-nji orta mekdepden Jumahal Astanowa we welaýat merkezindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdepden Aýna Döwletowa dagy birinji orny eýelediler. Fizika dersinde Türkmenabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň okuwçylary Serdar Muradow bilen Leýla Azamatowa hem-de Dänew etrabyndaky 33-nji orta mekdepden Bägül Bahramowa iň ýokary netijeleri görkezdiler.
Himiýa bäsleşiginde Hojambaz etrabyndaky 10-njy orta mekdepden Babajan Aganyýazow, Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 38-nji orta mekdepden Kasym Rozyýew we Garabekewül etrabyndaky 3-nji orta mekdepden Nurana Pirgulyýewa dagy bilim derejesi bilen tapawutlandylar. Biologiýa dersi boýunça bolsa Dänew etrabyndaky 13-nji orta mekdepden Muhammet Bahtyýarow, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepden Mukam Döwletmämmedow, Saýat etrabyndaky 9-njy orta mekdepden Merjen Hallyýewa we Dänew etrabyndaky 8-nji orta mekdepden Gaýrat Narkulyýew dagy birinji orna mynasyp boldular.