Daşoguzdaky kärhanada lukmançylyk serişdeleriniň 150-ä golaý görnüşi öndürilýär

Daşoguz şäherindäki Zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda giňden peýdalanylýan serişdeleriň 150-ä golaý görnüşi öndürilýär.

Olaryň 10-dan gowragynyň önümçiliginiň soňky wagtlarda ýola goýlandygy bellärliklidir. Şol täze önümleriň hatarynda bir gezek ulanmaga niýetlenenleriň hatarynda halatlary, ellikleri, agyz-burun örtüklerini görkezmek bolar. Kärhana boýunça her günde ygtybarly agyz-burun örtükleriniň 6 müňden gowragy öndürilip, ilata ýetirilýär. Bu barada «Daşoguz habarlary» gazeti habar berýär.

Adblock
detector