JEMGYÝET

Daşoguzda ýadygärlikleri öwrenmegi dowam etmek hem-de olary gorap saklamak boýunça duşuşyk geçiriler

Şu ýylyň 4-nji iýunynda «Daşoguz welaýatyndaky milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri halkara syýahatçylyk ulgamynda» atly ylmy duşuşyk geçiriler.

Çäräniň çäklerinde meýdan şertlerinde okuw maslahatlaryny hem-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly hünärmenleriň çykyşlaryny guramak meýilleşdirilýär.

Daşoguz welaýatynyň çäklerindäki ýadygärlikleri öwrenmegi dowam etmek hem-de olary gorap saklamak, syýahatçylyk ugurlarynyň düzümlerini gowulandyrmak we täze ugurlaryny işläp taýýarlamak, olary eýýäm bar bolan halkara syýahatçylyk ugurlarynyň ulgamyna goşmak ylmy duşuşyga gatnaşyjylaryň üns merkezinde bolar. Şeýle hem, gadymy döwürlerde söwda hem-de medeni gatnaşyklary ýola goýlan Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlaryny mundan beýläk-de öwrenmek, olaryň ugrundaky taryhy-medeni mirasyň täze desgalaryny ýüze çykarmak meselesine deglip geçiler.

Ýörite meýdan okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän meşhur Köneürgenjiň taryhy-medeni ýadygärliklerine gezelenç göz öňünde tutulýar. Şeýle hem, gatnaşyjylar «Kerwensaraý» ýadygärliginde başlanylan arheologik gazuw-barlag işleri bilen tanyşdyrylar.

Bu barada hökümetiň Daşoguzda geçirilen göçme mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: