Daşoguz şäheriniň demirgazyk böleginde, “Gülistan” ýaşaýyş toplumynda 600 okuwça niýetlenen täze orta bilim berýän mekdebiň gurluşygyna badalga berildi. Bu desganyň gurluşygyny “Mäkäm” hususy kärhanasy amala aşyrýar. Gurluşyk işleri 3,5 gektar meýdanda alnyp barylýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Täze mekdep häzirki zaman bilim ülňülerine laýyk bolup, iki gatly binada giň otagly synplar, administratiw otaglar, kitaphana, mejlisler zaly, sport zaly, naharhana we oglan-gyzlar üçin aýratyn zähmet synpy göz öňünde tutulýar. Okuw binasynda ornaşdyryljak lingafon otaglary we informatika synplary daşary ýurt dillerini we sanly sowatlylygy öwrenmek üçin ähli şertleri döreder.
Daşoguz welaýaty bilim edaralarynyň ulgamyny giňeltmegi işjeň dowam etdirýär. Welaýat boýunça 500-den gowrak mekdep, şol sanda internatlar hereket edýär. Mekdepleri sanlylaşdyrmakdan başlap, howpsuzlygy ýokarlandyrmak we maddy-enjamlaýyn binýady gowulandyrmak ýaly çäreler
häzirki zaman bilim gurşawyny döretmegiň ileri tutulýan ugurlary bolup galýar.
Daşoguzda täze mekdep gurulýar

02
Jul