JEMGYÝET

Daşoguzda täze aragatnaşyk kärhanasy açyldy

Şu gün Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp şäherinde aragatnaşyk pudagynyň işgärleri üçin niýetlenen, ähli amatlyklary bolan täze döwrebap 2 gatly edara binasynyň hem-de kömekçi binalaryň açylyş dabarasy geçirildi. 

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň buýurmasy boýunça bina edilen döwrebap binalaryň gurluşyk işleri halkara ülňülere laýyklykda amala aşyrylyp, iş otaglarynyň giňligi we ýagtylygy iň amatly şertlere kybap gelýär we häzirkizaman enjamlary bilen doly üpjün edildi.