Daşoguz şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň küşt boýunça Gran-pri ýaryşynyň demirgazyk tapgyry gyzgalaňly dowam edýär. Ýaryş 9 tapgyrdan ybarat bolup, ilkinji dört duşuşykda biziň welaýatymyzdan Ilhan Çaryýew ýokary netijeleri gazandy. Ol ähli oýunlarynda ýeňiş gazanyp, umumy görkezijilerde häzirki wagtda ikinji orunda barýar.
Şeýle-de welaýatymyzdan Jahan Rejebowa bilen Sanjar Gaýbullaýewiň hem medala mynasyp bolmak mümkinçiligi ýokary hasaplanylýar. Bu olaryň ýaryşdaky işjeň çykyşlarynyň we ýokary taýýarlygynyň netijesidir.
Daşoguzda lebaply küştçüler öňe saýlanýar
10
Sep
