TÜRKMENISTAN HABARLARY

Daşoguzda ekofestiwal geçiriler

Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjylary 10-njy noýabrda welaýat kitaphanasynda
geçjek “Ekologiki medeniýetiň ösüşi” atly ekologik festiwalyna gatnaşmaga
çagyrylýar. Festiwal Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi,
Türkmenistandaky Birleşen Milletler guramasynyň ösüş Maksatnamasy,
ÝUNESKO, şeýle hem Daşoguzdaky Amerikan burçy, “Ekodurmuş”
jemgyýetçilik guramasy we “Ýaşyl şöhle” jemgyýetçilik guramasy bilen
bilelikde guraldy.
Çäre Hasyl baýramy mynasybetli, Aral deňziniň guramagy bilen baglanyşykly
soraglar boýunça sessiýany, çölleşmek, oba hojalygy, degişli filmleriň
görkezilmegi, oýunlary, ýaryşlary we ussatlyk sapaklaryny, şeýle hem ekologiki
önümleri, milli eşikleri we talyplaryň ylmy işlerini öz içine alýan baý
meýilnamadan ybaratdyr.
Şeýle ekofestiwalyň Türkmenabat şäherindäki Amerikan burçy tarapyndan
welaýat merkezindäki Bagtyýarlyk seýilgähinde hem guralandygyny
ýatladýarys.