YKDYSADYÝET

Daşoguz welaýatynyň maldarçylyk toplumynda önüm öndürilişi artýar

Daşoguz welaýatynyň döwrebap maldarçylyk toplumynda şu ýylyň birinji ýarymynda 77 tonnadan gowrak et we et önümleri öndürildi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkä garanda, iki essä golaý kändir.

Öndürilen süýt we süýt önümleriniň möçberi hem 2 müň 700 tonnadan geçdi. Peýniriň we dorogyň 45 tonnasy, turşadylan süýt önümleriniň 152 tonnadan gowragy, mesgäniň 64 tonna golaýy öndürilip, söwda nokatlaryna goýberildi.

Bu ýerde jemi 500 baş gara maly idetmek üçin ösen talaplara laýyk gelýän şertler döredildi. Ot-iým taýýarlamak üçin 350 gektar meýdan bölünip berildi. Toplumyň önümçilik bölümleriniň ählisine iň täze enjamlar ornaşdyryldy. Bu ýerde taýýarlanylýan azyk önümleri ekologiki taýdan arassa, ýokary hilli önümlerdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: