LUKMANÇYLYK

Daşoguz welaýatynda täze saglyk öýi açylyp ulanylmaga berildi

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Parahat geňeşliginde ýerleşýän bu döwrebap täze saglyk öýünde oba ilatyna köpugurly lukmançylyk hyzmatyny ýerine ýetirmek üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulan. Binada köp ugurly lukmançylyk hyzmatyna niýetlenen otaglaryň birnäçesi bolup, olar iň kämil enjamlar bilen üpjün edilendir. Täze saglyk öýüniň gurluşyk işleri welaýat häkimliginiň gurluşyk önümleri kärhanasynyň işçi-hünärmenleri tarapyndan alnyp baryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: