TÜRKMENISTAN HABARLARY

Daşoguz we Lebap welaýatlarynda howa boýunça habarly ediş çäreleri geçirildi

BMGÖM-niň «Türkmenistanyň guraksy sebitlerinde oba hojalyk bileleşikleriniň howa durnukly ykdysady işini goldamak» taslamasynyň çäklerinde Daşoguz welaýatynyň Görogly we Lebap welaýatynyň Dänew etraplarynda orta okuw jaýlarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda Halkara howa gününe bagyşlanan habarly ediş çäreleri geçirildi. Bu barada BMGÖM-niň press-relizine salgylanyp, «turkmenportal» ýazýar.
Çäreler taslamanyň şu etraplarda ýerleşen agro habar beriş merkezlerinde geçirildi.
Çärelere Görogly we Dänew etraplarynyň orta mekdepleriniň 25-sinden gowragyndan müdiriň okuw işleri boýunça orunbasarlary, Daşoguz we Lebap welaýat baş bilim müdirlikleriniň, etrap bilim bölümleriniň wekilleri we taslamanyň topary gatnaşdylar.
Çäre döwründe BMGÖM-niň wekilleri gatnaşyjylary sebitiň mekdep okuwçylarynyň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly maglumatlar bilen habarlylygyny üpjün etmäge gönükdirilen «Howa gapyrjagy» bilen tanyşdyrdylar. «Howa gapyrjagy» Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçylary, mugallymlary we usulçylary üçin niýetlenen okuw-oýun materiallarynyň toplumydyr. Bu material mekdep okuwçylarynyň howanyň global üýtgemegi bilen baglanyşykly maglumatlary höwes bilen hem-de gyzykly oýun görnüşinde öwrenmekleri, mugallymlara bolsa bu materiallary umumy bilim maksatanamasynyň çäklerinde ulanmagy maslahat bermek üçin türkmen we rus dillerinde taýýarlanyldy.
Bu material Russiýanyň Trast (Goldaw) gaznasy tarapyndan goldanylan «Howa gapyrjagy: howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça bilim we magaryf» sebit taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministrliginiň wekilleri bilen bilelikde 2019-njy ýylda taýýarlanyldy we uýgunlaşdyryldy.
Çäräniň dowamynda «Adam we tebigat: özara gatnaşyklaryň edebi» diýen temada tanyşdyryş boldy. Interaktiw leksiýada gatnaşyjylar bilen howanyň nämedigi, onuň näme üçin üýtgeýändigi, onda kimiň — adamyň ýa-da tebigy sebäpleriň — günäkärdigi barada pikir alşyldy. Şonuň ýaly-da, gatnaşyjylar parnik netijeleri, parnik gazlaryny emele getirýän çeşmeler, howanyň üýtgemegi bilen bagly öwezini dolup bolmajak netijeleriň öňüni almak üçin nämeleri etmelidigi, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly halkara gün tertibi ýaly maglumatlar bilen tanyşdyryldy. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň mümkin bolan çäreleri barada aýdyldy. Çykyşlaryň soňunda olar Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge gönükdirilen kanunçylygy, Türkmenistanyň uýgunlaşmak çärelerini göz öňünde tutýan Döwlet we Milli maksatnamalary bilen tanyşdyryldy.
Soňra gatnaşyjylar «Howa gapyrjagynyň» mazmuny, bölümleri, wiktorinalary we kartoçkalardan peýdalanmak boýunça gözükdirmeler bilen tanyşdyryldy. Olara «ýüz ýyllygyň ahyrynda howanyň üýtgemeginiň mümkin bolan netijeleriniň tebigata we adama etjek täsirini» görkezýän we «Öz uglerod yzyňy nähili azaltmaly» diýen temada plakatlar görkezildi.
Çykyşlar tamamlanandan soň gatnaşyjylara «Howa gapyrjagy» we BMGÖM-niň Taslamasynyň broşýuralary paýlanyldy.
Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 15-nji maýynda bellenilýän Halkara howa güni meteorologlaryň häzirki we geljekki nesilleriň hal-ýagdaýyna täsir edýän howany möhüm baýlyk hökmünde goramak boýunça eden çagyryşynda soň döredildi.

 

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply