Daşlaryň täsinlikleri
Gündogaryň meşhur söz ussady Omar Haýýamyň döredijiliginde: «Sadapda durlanan damja dür bolar», «Daş» diýmäňler, ol — Zeminiň ahwaly» diýen setirler bar. Pederlerimiz daşyň ýüzüne ýazylan ýazuw ýadygärlikleriniň ýitip gitmejekligine, adamyň aňyna gowy täsir edip, ýatda galyjylyk ukybynyň artýandygyna gowy düşünipdirler. Daşlar özüniň özboluşly, tebigy häsiýeti bilen ir döwürlerden bäri adamzadyň ünsüni özüne çekipdir. Ata-babalarymyz ýönekeýje daşlaryň suwy arassalaýanlygyny bilip, suw howuzlarynyň düýbüne daş düşäp, diwarlaryny bolsa, ownuk çagyl garylan palçyk bilen suwapdyrlar. Uzak ýola ugraýan ýolagçylar suw gaplaryna kümüş ýa-da ownujak daşlary atypdyrlar.
Daşlar adamzadyň häsiýetine, gujur-gaýratyna täsir edipdir. Hökümdarlaryň iş ýöredýän kabulhamasy, şalaryň tagty eýesine gujur-gaýrat, mertlik berýän pöwriza gaşy bilen bezelipdir. Bu göze ýakymly, gummatbahaly daş eýýesini düýşürgäp gara basmakdan goraýar. Gymmatbahaly daşlar hakynda düşünje berýän çeşmelerde hakyk gaşyny kümşe daksaň, paýhas berijilik, goraýjylyk güýjüniň artýandygy beýan edilipdir.
Magtymguly Pyragynyň durmuşy bilen bagly maglumatlarda onuň zergärçilik bilen meşgullananlygy aýdylýar. Bu ýagdaý ussadyň şygyrlaryna belli bir derejede öz täsirni ýetiripdir. Şahyryň «Näme sen?», «Ýaşyl zümerret» atly şygyrlarynda merjen, dür, zümerret, ak hünji, ýakut, gyzyl ýakut, ýaly daşlaryň ady agzalypdyr. Ir zamanlarda hakyk gaşynyň goýy gyzylyna «gyzyl ýakut» diýlipdir.
Dilirabo Hemraýewa,
Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.