Dünýä inenden beýläk adam daşky gurşawa uýgunlaşmaga, öz janyny goramak üçin tebigatyň ýaramaz şertleri bilen bellibir derejede göreşmäge, zyýanly täsirlerden we hadysalardan goranmaga mejbur bolýar. Daşky gurşawyň adam saglygyna ýiti täsir edýän şertlerine şu aşakdakylary degişli edýärler: energiýa täsiri (şol sanda fiziki meýdanlar), atmosferanyň ýagdaýynyň we himiki düzüminiň üýtgäp durmagy, ygal; zeminiň toprak gatlagynyň fiziki, himiki we mehaniki häsiýetleriniň özgermeginiň, daşky gurşawyň bioulgamlarynyň üýtgäp durmagy; howa hadysalarynyň gyradeň we birsydyrgyn gaýtalanyp durmagy we ş.m.
Adam ilkibaşda dolulygyna diýen ýaly daşky tebigata bagly bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen bu ýagdaýy üýtgetmek niýetinde adam täze-täze açyşlary edipdir, ýaşaýşyny aňsatlaşdyrýan serişdeleri oýlap tapypdyr, zähmet gurallaryny ýasapdyr. Durmuşyň özgermegi bilen eginbaş, öý-içeri, öý goşlary, gap-gaç we beýleki esbaplar ýaşaýşyň aýrylmaz bölegine öwrülipdir. Adam kem-kemden öz ýaşaýşynyň amatlylygyny artdyrýan serişdeleri kämilleşdiripdir. Kämilleşdigiçe-de, adamyň islegleri we hajatlary artýar. Şeýlelik bilen, önümçilik peýda bolýar.
Önümçilik serişdeleriniň ösmegi bilen, adam jemgyýeti el güýjüniň kuwwatyndan ýüz öwrüp, tebigy serişdelere we energiýa üpjünçilik çeşmelerine has işjeň çemeleşýär. Bu ýagdaý, elbetde, jemgyýetçilik ösüşini, ylmy-tehniki progresi çaltlandyrýar. Emma munuň saglyga zarba urujy täsiriniň boljakdygy barada düýpli pikirlenen az-az bolupdyr. Özi hem bu ýaramaz täsir öňünden kesgitläp bolmajak, kämahal bolsa garaşylyşyndan hem has agyr geçip, adamzat jemgyýetini bimaza edýär.
Emeli ýagdaýda täsir edilmese, daşky gurşawyň fiziki, himiki, biologiki, howa görkezijileriniň özgermegi zeminde bar bolan ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, adamyň syna gurluşlarynyň özgerip ösmegi bilen sazlaşykda geçipdir.
Emma bu ýagdaýda kanagat etmedik adam daşky gurşawa has işjeň aralaşyp, tebigaty öz bähbidi üçin peýdalanar ýaly özgerdip ugrapdyr. Netijede, täze suw howdanlary peýda bolupdyr, kuwwatly derýalaryň ugry üýtgedilipdir, ösüp oturan gür tokaýlyklar çapylyp aýrylypdyr, emeli ekilen tokaý zolaklary peýda bolupdyr.
Şunuň bilen bilelikde, adamyň tebigy gorlaryny sarp edişi gün geldigiçe artypdyr. Adam tebigatyň gymmatlyklar hazynasyny peýdalanyp, önümçiligiň zyýanly galyndylaryny atmosfera gatlagyna, topraga, durnagöz derýadyr deňze taşlapdyr. Asyrlar boýy dowam eden bu ýaramaz ýagdaý daşky tebigatyň düýpli hapalanmagyna, emeli döredilen radioişjeňlik çeşmeleriniň peýda bolmagyna, janly-jandarlary Gün şöhleleriniň zyýanly täsirinden goraýan ozon gatlagynyň ýukalmagyna hem-de ýitmegine getiripdir. Özi hem tebigy serişdeleriň aglabasynyň gaýtadan dikeldilmeýändigi, öwezini hiç bir zat bilen dolup bolmaýandygyny aýtmak gerekdir.
Ýer yranmalary, ýer süýşmesi, suw joşmalary, tebigy ýangynlar, ýanardagyň atylmasy adama bagly däl betbagtçylyklardyr. Olar köp sanly adam pidasyna getirýär. Alymlaryň aýtmagyna görä, olaryň köpüsini öňünden duýup, ilata habar berip bolýar. Emma tejribäni synlasak welin, adamzat jemgyýeti gam-gussaly geçmişden sapak alyberenok. Şol sebäpden hem her bir adamyň adatdan daşary ýagdaýa taýýar bolmagy döwlet tarapyndan bu ýagdaýlaryň öňüni almak, ýüze çykaýanda-da ýaramaz täsirini aradan aýyrmak boýunça görülýän çärelerden ähmiýeti ýokary bolmasa, pes däldir.
Taýýar bolmak köp halatda öz ömrüňi halas edip bilmekligi aňladýar. Ýer yrananda, ýangyn dörände ýa-da ýer titrände näme etmelidigini bilýän adam şeýle ýagdaýda aljyranok, aljyramasa welin ýalňyşanok.
Mundan başga-da «gündeki» howplar hem az däldir, olar öýde, ýolda-yzda, işde ýüze çykyp bilýär. Ýöne bir seresap bolmak ýeterlik däldir. Howply ýagdaýlaryň ýüze çykyp biljekdigine taýýar bolmalydyr, olaryň öňüni almagyň, bolaýan ýagdaýynda bolsa ýaramaz täsirini pese düşürmegiň ýollaryna belet bolmalydyr.
Boljak bolsa, betbagtçylykly ýagdaýlar «dört diwaryň» içindekäň hem bolup bilýär. Gaz, elektrik togy, olarda işleýän öý enjamlary bilen işläniňizde gaty seresap bolmagyňyz gerek. Olary howpsuz peýdalanmagyň kadasyny her bir adam bilmelidir. Togy we gazy diňe ýörite hünärmenler çekip bilýändir. Ýöne geleňsizlik edip aňsadyna baksaň, uly betbagtçylyga getirip bilýändigini ýatdan çykarmaň. Az zady tygşytlajak bolup, uly ýitgilere sezewar bolunýar. Muny her bir adam öz-özüne we beýlekilere her ädimde ýatladyp durmalydyr.
Dermanlyk serişdeler we durmuşda ulanylýan himiki maddalar çagalaryň eli ýetmeýän ýerinde saklanylmalydyr. Bary-ýogy birnäçe gerdejik ýa-da arassalaýjy maddanyň ýekeje owurdy adamyň ýiti zäherlenmegine ýa-da heläk bolmagyna getirip bilýär. Aýratyn hem, çagalaryň bolýan otaglaryna uly üns berilmelidir. Olaryň janyna howp salyp biljek heýkeller, elektrik nokatlar, üstüne gaçyp biljek beýleki zatlar elýeter ýerden aýrylmalydyr. Çaga howply zatlary tanamagy, olardan goranmagy öwretmeli. Munuň üçin, elbetde, çendenaşa talabediji bolmagyň geregi ýok, çünki çaga gadagan edilen zady elläp göresi gelýär, onuň bilesigelijiligi artýar. Körpejä özbaşdak bolmagy, hiç bir ýagdaýda aljyraman, gorkman hereket etmegi öwretmeli. Durmuşda her hili ýagdaý bolup bilýär, her bir ädimde adam töwekgelliklere duçar bolup bilýär. Şonuň üçin hem howpsuzlygyň altyn kadalaryny bilmek we pugta berjaý etmek zerurdyr:
1. Howpy öňünden görmegi başarmaly!
2. Howpuň öňüni almagy başarmaly!
3. Gerek ýerinde ýerlikli hereket etmegi oňarmaly!
Aýna GURBANGELDIÝEWA,
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki
tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy